Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty BSGG-niň Baş direktory bilen duşuşdy

10:3614.05.2024
1
14098

13-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Abraham Gebreýesus bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegini bilen bagly meselelri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ilatyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni alyş ulgamyny guramak, saglygy goraýyş bilimini, sagdyn durmuş ýörelgesini we sporty wagyz etmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we ir ýüze çykarmak, şeýle-de maglumat kampaniýalaryny geçirmek ýaly wezipeler özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, 27-nji maý — 1-nji iýun aralygynda Ženewada geçiriljek Bütindünýä saglyk assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň biri boldy.

Mundan başga-da, taraplar 2024-nji ýylyň dekabrynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek baradaky Aşgabat Jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli konferensiýa geçirmegi, şol sanda oňa BSGG-niň Baş direktorynyň gatnaşmagy bilen bagly meseläni hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň