Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dünýä Syýahat» deňiz syýahatçylygyny hödürleýär

12:2911.05.2024
0
43255

«Dünýä Syýahat» hojalyk jemgyýeti kaşaň gämilerde gyzykly deňiz syýahatçylygyna çagyrýar. 7 günlük gysga möhletli kiçi gezelençlerden başlap, uzak möhletli transatlantik ugurlara çenli ýetirilýän syýahatçylyk teklipleri — «Dünýä Syýahatyň» müşderilerine dowamlylygy, bortdaky hyzmatlar we ugurlar babatda garaşýan hyzmatlaryna laýyk gelýän göwnejaý syýahaty saýlap almaga mümkinçilik berer.

Häzirki zaman syýahatçylyk gämileri — rahat dynç almak üçin niýetlenen ähli zerurlyklary özünde jemleýän, ýüzýän şäherlerdir: olarda restoranlar, dükanlar, basseýnler, spa-merkezleri, kinoteatrlar we ş.m göz öňüne tutulan.

«Dünýä Syýahat» syýahatçylyk kompaniýasynyň hünärmenleri wizalary, petekleri, transfer we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny resmileşdirmek barada alada edip, bu işleri birkemsiz ýerine ýetirýärler.

«Dünýä Syýahatyň» müşderilerine bolsa diňe isleýän ugurlaryny saýlamak bilen, gämiden panorama görnüşde şu ajaýyp ýerleri synlap lezzet almak galýar:

Rotterdam, Niderlandlar| Akýureýri, Islandiýa | Isafordur, Islandiýa | Reýkýawik, Islandiýa | Belfast, Demirgazyk Irlandiýa | Woterford (Danmor E) Irlandiýa | Rotterdam, Niderlandlar

Rotterdam, Niderlandlar | Molde, Norwegiýa | Olden, Norwegiýa | Olesunn, Norwegiýa | Stawanger, Norwegiýa | Rotterdam, Niderlandlar

Afiny (Pireý), Gresiýa | Santorini, Gresiýa | Efes (Kuşadasy), Türkiýe | Mikonos, Gresiýa | Wolos, Gresiýa | Saloniki, Gresiýa | Afiny (Pireý), Gresiýa

Afiny (Pireý), Gresiýa | Santorini, Gresiýa | Efes (Kuşadasy), Türkiýe | Rodos, Gresiýa | Mikonos, Gresiýa | Wolos, Gresiýa | Afiny (Pireý), Gresiýa

San-Huan, Puerto-Riko | Filipsburg, Sint-Marten | Sent-Jons, Antigua | Kastri, Sent-Lýusiýa | Brijtawn, Barbados | Rozo, Dominika | San-Huan, Puerto-Riko

«Dünýä Syýahat» kompaniýasynyň syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirip bermek, myhmanhanalary bronlamak, howa gatnaw peteklerini satyn almak, awtoulagy kärendesine almak we howa menzilinde garşylamak ýaly köp sanly hyzmatlary hödürleýändigini ýatladýarys. Müşderilere oňaýly bolmagyny nazarda tutup, «Dünýä Syýahat» kompaniýasy syýahatlary meýilleşdirmek babatda özbaşdak maslahatlary hem berýär.

Kompaniýanyň hyzmatlary barada has giňişleýin maglumatlary şu salgylardan alyp bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, «Ussat» binasynyň ýanynda. Telefon belgileri: (+993 12) 75 11 78, (+993 64) 92 97 77;
  • Daşoguz: Türkmenbaşy şaýoly, 44-1 jaýy, «Şabat» myhmanhanasy. Telefon belgisi: (+993 61) 50 29 91;
  • Türkmenabat: «Lezzet» söwda merkezi. Telefon belgisi: (+993 64) 92 45 55.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň