8-nji maýda Moskwada geçirilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýubileý sammitinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gurama agza döwletleri Merkezi Aziýa bilen Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky ulag geçelgesine goşulmaga çagyrdy. Bu barada gazak Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
— Gazagystan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agza döwletlerini Aýlag ýurtlarynyň bazarlaryna girmek üçin, halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat Ylalaşygyna goşulmaga çagyrýar. Biz eýýäm bu ylalaşyga goşuldyk – diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.
Tokaýewiň pikiriçe, uzak möhletleýin integrasiýany ýola goýmagyň esasy şerti daşarky bazarlar bilen durnukly ulag aragatnaşygynyň bolmagydyr.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ugry boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygy) 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilipdi. Soňra oňa Gazagystan, Katar we Hindistan hem goşuldy.