Rus tarapynyň çakylygy boýunça, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada HHM habar berýär.
“Türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň bu möhüm döwlet çäresine gatnaşmagy Türkmenistanyň we Russiýanyň iki ýurduň arasynda çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, hoşniýetlilige we özara düşünişmeklige esaslanýan dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge ähmiýet berýändigini görkezýär" diýlip, türkmen ilçihanasynyň habarynda bellenilýär.
Dabaraly kasam kabul ediş çäresiniň 7-nji maýda Kremlde bolandygyny ýatladýarys.