Türkmen karateçileri Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 23 medala mynasyp boldular

10:2307.05.2024
0
5552

Karate türkmen sportuna soňky ýyllarda halkara ýaryşlardan medaly iň kän getirýän görnüşleirň biri. Bu hakykat ýakynda Ürgenç şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda ýene bir gezek örboýuna galdy. Bu ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar.

Halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwletden milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Özbegistanyň açyk çempionatyndaky 293 türgeniň 74-si biziň ildeşlerimizdir. Türgenlerden başga-da, 7 tälimçili we 10 eminli wekiliýetimiz Watanymyza altyn we kümüş medallaryň her haýsyndan 5-si we 13 sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň dördüsi karateniň kumite, biri bolsa kata görnüşi boýunça gazanyldy. Kata boýunça ýeke-täk altyn medalymyzy 16 ýaşdan uly gyzlaryň arasynda ýaryşan Aýgül Esenowa boýnuna dakdy. Kumite boýunça altyn medallara bolsa 14-15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda oglanlaryň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Gurbannnazar Amandurdyýew, gyzlaryň arasynda 47 kilograma çenli agram derejesinde Nadira Asadowa, 18 ýaşdan uly oglanlaryň arasynda 75 kilograma çenli derejede Dawut Nazarmyradow hem-de şol ýaş derejesinde 55 kilograma çenli agramy bolan gyzlaryň arasynda Ogulsuraý Täçdurdyýewa dagylar mynasyp boldy.

Şeýle hem türkmenistanly karateçiler ýaş derejeleriniň ählisi boýunça kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Olaryň umumy hasapda üçünji orny eýelemegi hem çykyşlaryň netijeli bolandygyny görkezýär. Türgenlerimizi halkara ýaryşa Aýdyň Çaryýew bilen Igor Rahymow taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň