Soňky habarlar

Arhiw

«Real» möwsüm tamamlanmanka, Ispaniýanyň çempiony boldy

10:1006.05.2024
0
4582

"Barselonanyň" "Žironadan" utulmagy, "Realy" Ispaniýanyň çempiony etdi.

«Žirona» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen Ispaniýanyň La Ligasynyň 34-nji tapgyrynyň oýny tamamlandy. Duşuşykda ýer eýeleri 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen, Kataloniyalylaryň ýeňilmegi şu gün «Kadizi» ýeňen «Real Madride» 2023/2024 möwsüminiň möhletinden öň Ispaniýanyň çempiony bolmaga mümkinçilik berdi.

Bu oýundan soň, La Ligada dört tapgyr galanda birinji ýerde barýan «Real Madrid» bilen ikinji ýerdäki «Žironanyň» arasyndaky tapawut 13 utuk boldy. Şol sebäpli «Žironanyň» «Real Madridiň» yzyndan ýetip bilmek mümkinçiligi matematiki tarapdan ýok.

Ýeri gelende bellesek, öňki gezek Karol topary 2021/2022 möwsüminde Ispaniýanyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň