«Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy 1-nji maýda türkmen-özbek serhedinden geçip, 2-nji maýda Aşgabat şäherine geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelýän otluda ýedi ýurtdan 97 syýahatçy bar diýip, HHM ýazýar.
Syýahatçylar toparynda ABŞ, Hytaý, Kanada, Russiýa, Singapur, Beýik Britaniýa we Wengriýa ýaly ýurtlardan wekiller bar.
Türkmen paýtagtynda myhmanlar şäheriň esasy gözel ýerlerine, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna, Bitaraplyk binasyna, «Bagt köşgüne» we Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna baryp görerler.
Şu gün, 3-nji maýda syýahatçylyk otlusy Içoguz wokzalyna tarap syýahatyny dowam etdirer, bu ýerden syýahatçylar üçin «Derweze» gaz kraterine gezelenç guralar.
Ondan soň «Altyn bürgüt» Daşoguz şäherinden Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Özbegistana tarap ugraýar.