«Türkmenistan» awiakompaniýasy maý aýynyň başyndan Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuşa başlady. Bu barada awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Täze uçuş her sişenbe güni amala aşyrylar we türkmen howa ýollarynyň Malaýziýanyň paýtagtyna gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça uçuşy ýola goýmak karary iki ýurduň arasyndaky barha artýan howa syýahatyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin kabul edildi.
turkmenistanairlines.tm web sahypasyna görä, Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça peteginiň bahasy 7 müň TMT. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş üçin petegiň bahasy 7 müň 35,8 TMT.