Soňky habarlar

Arhiw

Pariždäki forumda Türkmenistanyň global maýlamanyň geljegine täsiri öwrenilýär

13:0224.04.2024
0
10657

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde türkmenistanyň energetika senagatyna maýadarlary çekmäge bagyşlanan halkara forum öz işine başlady.

Halkara çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy tarapyndan guralýar.

Halkara forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrgeldi Begliýew döwlet Baştutanynyň bu foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Foruma 300-e golaý wekil gatnaşýar. Olar dünýäniň meşhur energiýa kompaniýalarynyň wekilleridir. Çünki kompaniýalar tarapyndan Türkmenistanyň bu geçirýän forumyna gyzyklanma diýseň uly.

Forumyň ilkinji gününde üç mejlis geçirilýär. Olarda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilýär. Hususan-da, global maýlamanyň geljeginde Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan mejlis has täsirli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň