Türkmenistanyň ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

15:4222.04.2024
0
11969

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde ilçi Begenç Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Kim Taýejin bilen duşuşygy geçirildi, bu barada türkmen ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň öňyn häsiýetini nygtadylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek nukdaýnazaryndan, iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede alnyp barylýan dialogyň möhüm ähmiýetini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň