Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» daşary ýurtly telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar

15:4918.04.2024
0
13714

«Rowachpack» brendi bilen tanalýan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy daşary ýurtly telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Kompaniýa polipropilen gaplaryň önümçiligine ýöriteleşendir, hususan-da kärhana aşakdakylary öndürýär:

  • azyk önümlerini saklamak üçin polipropilen haltalar;
  • haltalary taýýarlamak üçin rulonlar;
  • big-begler – 300-den 3000 kg çenli ýük daşamak üçin tutawaçly ýumşak gaplar.

Şeýle hem kärhana müşderileriň talaplaryny göz öňünde tutup, hususy sargytlar boýunça ýumşak polipropilen gaplary tikmek hyzmatyny hödürleýär.

«Biz «Rowachpack» polipropilen gaplaryny öndürýäris, olaryň birnäçe möhüm artykmaçlygy bar: berklik, zeperlenmä garşy durnuklylyk, ekologiýa taýdan arassalyk, köp taraplylyk» diýip, «Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekili belledi.

«Rowachpack» gaplarynyň ulanylýan ugurlary:

  • azyk zenagaty: un, galla, şeker, duz, kombikorm we ş.m. gaplamak.
  • oba hojalygy: dökünleri, tohumlary, haýwan iýmlerini gaplamak.
  • gurluşyk pudagy: sement, gum, çagyl daşyny, keramzit gaplamak.
  • himiýa senagaty: himiki maddalary, dökünleri, gurluşyk materiallaryny gaplamak.
  • hojalyk ulgamy: zibil üçin torbalar, örtgi materialy, gidroizolýasiýa.

Hyzmatdaşlyk hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgilerine jaň edip ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysyna ýazyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň