Türkmen deputaty Norwegiýa iş saparyny amala aşyrdy

09:5816.04.2024
0
6001

10-12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde Ilat gaznasy we ösüşi boýunça Hereketleriniň meýilnamalaýyn ýerine ýetirilişi boýunça Parlamentarileriň halkara konferensiýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda reproduktiw saglyk babatynda ýüze çykýan meseleleri azaltmak we olary çözmekde görülmeli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurtlaryň tejribeleri paýlaşyldy. Şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak, zenanlaryň hukuklaryny we gender deňligini Durnukly ösüşiň maksatlarynda 2030-njy ýyla çenli amala aşyrmagyň ýörelgeleri we usullary barada pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan nusgalyk işler bilen maslahata gatnaşyjylar tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň