Türkmenistanyň futzal milli ýygyndysy aprelde Belarusuň ýygyndysy bilen iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

14:2915.04.2024
0
12400

Türkmenistanyň we Belarusuň futzal boýunça milli ýygyndy toparlary bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.

Birinji duşuşyk 20-nji aprelde Mogilýow şäheriniň «Olimpiýaçy» sport toplumynda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 22-nji aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da Minsk şäherindäki «Uruçýe» sport toplumynda bolar.

«Minskaýa Prawda» habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň we Belarusuň milli ýygyndy toparlary «Ratomka» BKAF-nyň bazasynda bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň