Soňky habarlar

Arhiw

Sadalskiý aktýor Leonid Filatowyň «Aşgabat» lakamy barada gürrüň berdi

13:0615.04.2024
0
18318

Russiýaly aktýor Stas Sadalskiý sosial ulgamdaky sahypasynda özüniň kärdeşi Leonid Filatowyň geň lakamy barada gürrüň berdi.

Artistiň aýtmagyna görä, ol Filatow «Ilkinji söýgüniň şäheri» atly filmde surata düşýärkäler tanşypdyr. Şol wagt ol ýaňy teatr uçilişşesini tamamlan ekeni.

«...Ýadymda, Lenýa teatr mekdebiniň ähli talyplary Aşgabat diýip ýüzlenerdiler. Munuň sebäbi onuň okuwa girmek üçin Aşgabatdan gelendigi üçin bolsa gerek» diýip, Sadalskiý ýatlady.

Sadalskiniň Filatow bilen arasyndan gyl geçmändir, olar bir jaýdan öý satyn alyp, goňşy ýaşapdyrlar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, meşhur rus aktýory, ssenariçi, şahyr Leonid Filatow Türkmenistanyň paýtagtynda önüp-ösdi. Ol öz ýatlamalarynda güneşli türkmen topragyny, Aşgabatda geçen çagalyk, ýetginjeklik ýyllaryny mähir bilen ýatlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň