Soňky habarlar

Arhiw

Polşada adatdan daşary yssy howa hasaba alyndy

10:5811.04.2024
0
10564

Polşada adatdan daşary yssy howa hasaba alyndy diýip, «24KZ» ýazýar.

Bu günler ýurtda howanyň temperaturasy 30 gradus maýyl. Bu bolsa, şu möwsüm üçin ortaça görkezijiden iki esse ýokarydyr. Şeýle ýagdaý soňky 30 ýylda hasaba alynmandy.

Polşanyň Meteorologiýa we suw gorlaryny dolandyrmak institutynyň wekili Gžegož Waliýewskiý şeýle diýýär: - Bu ýyly adatdan daşary maýyl diýip atlandyrmak bolar. Ilkinji üç aý meteorologik synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aýlar boldy. Polşada howa 30 gradusa golaý maýlady. Sebit üçin bu görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň