Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi

08:5210.04.2024
0
12148

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň bu resmi saparynyň iki dostlukly döwletiň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny belledi.

Duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada hem gürrüň edildi.

Şeýle-de bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda gruzin tarapynyň Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda Şota Rustaweliniň ýadygärligini dikmek baradaky çözgüdi üçin hoşallygy beýan edilip, munuň doganlyk halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sebitiň ösüşine we söwda-ykdysady gatnaşyklara gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň