Soňky habarlar

Arhiw

«Telegramda» el yzy bilen şahsyýeti tassyklaýan funksiýa dörediler

11:1909.04.2024
0
14576

«Telegram» messenjerinde täze funksiýa — ulanyjynyň el yzy bilen şahsyýetini tassyklaýan mümkinçilik dörediler.

«TON» blokçeýnini goldaýan merkezleşdirilmedik «TON Society» jemgyýeti bu funksiýanyň barlag synagyna gatnaşjak ulanyjylar üçin 6,5 million amerikan dollaryny bölüp berer.

«HumanCode» tehnologiýasy goşmaça hiç hili enjamy ulanmazdan, smartfon arkaly öz şahsyýetiňi tassyklamaga doly mümkinçilik berýär.

Bu taslamanyň maksady — geljekki bäş ýylda 500 million «Telegram» ulanyjysynyň ygtybarly sanly identifikasiýany hasaba almak bolup durýar.

Täze tehnologiýa airdroplar ýa-da tranzaksiýalar ýaly şahsyýeti anyklamak bilen baglanyşykly amallar üçin peýdaly bolar. Bu barada TON-a salgylanyp, Ferra.ru web saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň