Aprel aýynyň gelmegi bilen, ýaponiýaly çagalar üçin mekdeplerde sapaklar başlanýar.
Çagalary mekdebe gitmäge höweslendirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň Masue şäherinde Guşlar seýilgähinde ýaşaýan pingwinlere mekdep torbalary berildi. Olar täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen baglylykda, elde keçeden edilen ýeňiljek torbalary göterip, şäheriň köçelerinde ýöreýärler. Ýerli ýaşaýjylar kiçijik «okuwçylary» günde iki gezek synlap bilýärler. Olar köçelerde 14-nji aprele çenli gezelenç ederler.
Bu barada «Mail.ru» ýazýar.