Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Slowakiýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

06:2709.04.2024
0
8817

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Peter Pellegrinä Slowakiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Slowakiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň