Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda pomidor eksportyny artdyrdy

09:1207.04.2024
1
15861

Türkmen pomidory daşary ýurtlaryň bazaryndaky ornuny barha berkidýär. 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda türkmen pomidorynyň daşary ýurtlara eksporty 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 göterim ýokarlandy. Bu barada HHM habar berýär.

Türkmen pomidorynyň esasy satyn alyjylary Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy bolup durýar. Hususan-da Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen pomidoryň möçberi babatda uly ösüş hasaba alyndy. Has takygy, şu ýylyň birinji çärýeginde gazak bazaryna iberilýän türkmen pomidorynyň mukdary 20 göterim ýokarlandy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan pomidor eksportyny her ýyl yzygiderli artdyryp gelýär. 2020-nj ýyldan 2023-nji ýyla çenli ýurduň pomidor eksporty 239 göterim ýokarlandy. Ýagny 2023-nji ýylda bu görkeziji 128 müň tonna deň bolup, bu 2020-nji ýyldakydan 3,4 esse köpdür. Hasabat döwründe daşary ýurtlara iberilen pomidoryň 57 göterimi Russiýanyň, 28 göterimi bolsa Gazagystanyň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň