Soňky habarlar

Arhiw

Selfi boýunça göwnüçökgünligi anyklamagy öwrendiler

11:3106.04.2024
0
13561
Selfi boýunça göwnüçökgünligi anyklamagy öwrendiler
Surat: accemedin.com

Indi depressiýany, ýagny göwnüçökgünligi selfi surata düşmek boýunça anyklap bolýar, şeýle priloženiýäni ABŞ-da döretdiler diýip, «24KZ» habar berdi. Ol adamyň ýüzüni, gözleriniň hereketini we kellesini tutuşyny seljerýär. Soňra neýroulgamlar şekili kliniki keseliň alamatlary bilen deňeşdirýär. Programma «FaceID» ulgamy arkaly dessine maglumaty anyklaýar. Eger ol adamda keseliň bardygyny kesgitlese, surata düşen adama lukmana ýüz tutmagy maslahat berýär.

Täze wep-önümi döretmäge agyr depressiw keselli meýletinçileriň 150-si gatnaşdy. 125 müň suratyň esasynda neýroulgam olaryň 75 göteriminiň kesellidigini anyklamagy başardy.

Täze tehnologiýa giň köpçülige öňdäki bäş ýylyň dowamynda elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň