Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

06:1606.04.2024
0
11268

Duşenbä resmi saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji aprelde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda hususy kompaniýalaryň we işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, ylalaşykly çäreleri görmegi teklip etdi. Şeýle-de iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmek teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, ozal Täjigistanda geçirilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dostlukly döwletiň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamak taýýarlygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň bu meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýardygy barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Täjigistanyň Premýer-ministri 4-nji aprelde Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň birnäçesine üns berdiler.

Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, gürrüň, Täjigistan --- Özbegistan --- Türkmenistan --- Eýran --- Türkiýe ugry boýunça ulag ýoluny döretmek, şeýle hem Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginiň üsti bilen, Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň portlaryna çykmak arkaly, Hytaýdan Türkmenistana multimodal ulag geçelgesini guramagyň mümkinçilikleri barada barýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligini öwrenmegi dowam etmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyna garamagy teklip etdi. Gürrüň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň çäginiň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar. Şunda elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda iki ýurduň tejribesiniň bardygy bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasyny we tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Zerur bolan halatynda özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramagyň maksadalaýykdygy barada hem aýdyldy.

Oba hojalyk pudagynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri obasenagat toplumynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Bilelikdäki hökümetara toparyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde suw hojalygy ulgamynda hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygy amala aşyrylýar. Beýleki degişli taraplaryň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň bu ugruny işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanylýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň ynsanperwer meselesine hem üns berip, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda Aşgabatda medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň baýramçylyk senesine bagyşlanan halkara forum geçiriler. Türkmenistan Täjigistanyň wekiliýetiniň bu çärelere gatnaşmagyna umyt edýär.

Bilim ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň