Hytaýyň iň uly gurluşyk we ýörite tehnikalaryny öndürijileriniň biri bolan «SANY» Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherindäki Lebap sement zawodyny 25 sany «SYZ320C-8Y» kysymly kuwwatly ýük awtoulaglary bilen üpjün etdi. Bu awtoulaglar sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli satyn aldyndy. Bu barada HHM habar berýär.
«Lebap sement zawodynda durnukly we netijeli gurluşyk ýörelgelerine ygrarly, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň biri bolan «SANY» kompaniýasynyň kuwwatly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanylýar» diýip, hytaý kompaniýasynyň metbugat beýanatynda aýtdy.
«SANY» kompaniýasynyň «SYZ320C-8Y» kysymly ýük awtoulaglarynyň ulanylmagy täze desgada gurluşyk we logistika amallarynyň netijeliligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.
«Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän infrastruktura we senagat taslamalaryny «SANY» kompaniýasy doly goldaýar. Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy has-da ösdüreris we ösen sepgitlere maksatlaryna ýetmäge goşant goşarys» diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.