Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen işewürleri Buharestde geçiriljek halkara sergä gatnaşarlar

09:3805.04.2024
0
10043

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-njy maýyndan 19-njy maýyna çenli Rumyniýanyň paýtagty Buharestde her ýyl geçirilýän sarp edilýän harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergini «ROMEXPO S.A.» guraýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Sergide dokma önümleri, egin-eşik, aýakgap, gurluşyk, ýyladyş, sanitar-tehniki enjamlar we kosmetiki serişdeler, atyrlar, oýunjaklar hem-de iýmit önümleri bolar.

Oňa her ýyl Müsür, Bolgariýa, Germaniýa, Fransiýa, Gresiýa, Hindistan, Moldowa, Awstriýa, Pakistan, Rumyniýa, Ispaniýa, Şri-Lanka, Wengriýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýar.

Türkmen telekeçileri täze şertnamalar baglaşmaga mümkinçilik alarlar, bu ugurdaky bar bolan müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar bolar, şeýle hem täze hyzmatlar we önümler bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň