Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär

13:0204.04.2024
0
10546
Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde bahar daşgynlary dowam edýär
Surat: iz.ru

Russiýada bahar daşgynlary möwsümi dowam edýär, suw süýşgünleri sebitleriň 26-synda hasaba alyndy diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine salgylanýan «24KZ» habar berýär.

Suw basan zolakda 500-den gowrak öý, 2 müň howly we 100-e golaý köpri suwa gark boldy, 60-dan köp ýoly suw ýuwdy. Ýagdaý hasam Altaý ülkesinde ýaramaz. Sebitde 40 ilatly ýeri suw gark etdi. Wagtlaýyn gonalgalarda 4 müň adam bar.

Orenburg oblastynda Ural derýasynyň suwy 83 santimetr ýokarlandy. Hünärmenler ýagdaýa dronlar arkaly gözegçilik edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň