Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

11:4703.04.2024
0
14994

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabata sapar bilen gelen Gazagystanyň «QazaqGaz» milli kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Sanjar Jarkeşow bilen gepleşikleri geçirdiler.

Taraplar gaz pudagynda iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen bagly öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, önümçilik aktiwleriniň bilelikde ösdürilmegine, iki ýurduň çäginde gaz geçiriji taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine we özara peýdaly esasda gaz üpjünçiligine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Duşuşyklardan soň taraplar gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň ýurduň Türkmenistandan energiýa serişdelerini import etmegiň mümkinçiligini öwrenýändigini mälim edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň