Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynda Gazy eksport ediji döwletleriň forumynyň Baş sekretary Mohamed Hamel bilen bolan duşuşykda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Baş sekretar Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmammedowa GEEDF-iň oňa agza döwletleriň we sarp ediji ýurtlaryň arasynda gepleşikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda halkara hökümetara düzüm hökmünde tutýan orny barada giňişleýin syn berdi.
«Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan we tebigy gazyň esasy eksportçylarynyň biri hasalanýan Türkmenistanyň Gazy eksport ediji döwletleriň forumyna goşulmagy we onuň işine gatnaşmagy ähli taraplar üçin peýdaly bolup biler» diýip guramanyň ýolbaşçysy belledi.
Duşuşykda iki tarap hem hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek we Türkmenistan bilen GEEDF-iň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Alžir, Boliwiýa, Müsür, Ekwatorial Gwineýa, Eýran, Liwiýa, Nigeriýa, Katar, Russiýa, Trinidad we Tobago, BAE we Wenesuela Gazy eksport ediji döwletleriň forumynyň doly hukukly agzalary bolup durýarlar.
Angola, Azerbaýjan, Yrak, Malaýziýa, Mawritaniýa, Mozambik, Peru we Senegal bolsa guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda dünýädäki tebigy gaz gorlarynyň 69 göterimi, gazylyp alynýan tebigy gazyň 39 göterimi we global tebigy gaz eksportynyň 40 göterimi Gazy eksport ediji döwletleriň forumyna agza ýurtlaryň paýyna düşýär. Mundan başga-da, bu gurama agza ýurtlar global STG-niň (suwuklandyrylan tebigy gazyň) eksportynyň ýarysyndan gowragyny (51 göterim) amala aşryýarlar.
Guramanyň ştab-kwartirasy Kataryň Doha şäherinde ýerleşýär.