Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynda özi üçin rekord hasapda ýeňiş gazandy

10:1703.04.2024
0
15044

«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Aşgabat» bilen bolan oýunda öz taryhynda iň uly hasapdaky ýeňşini gazandy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen oýun 8:1 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Oýunda Altymyrat Annadurdyýew (6, 23), Arslanmyrat Amanow (21, 59) we Begenç Akmämmedow (11, 20) dagy dubl eden bolsalar, Welmyrat Ballakow (29) hem-de Ilýa Tamurkin (31) bir gezek tapawutlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk jogap topy Oraz Orazowyň (41) adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, bu ýeňiş arkaly «Arkadag» topary 12 utuk bilen turnir tablisasynyň ýeke-täk liderine öwrüldi. Ikini ýerdäki «Ahalyň» hasabynda 9 utuk bar.

Şu gün 5-nji tapgyryň beýleki oýunlary geçiriler. Olarda «Köpetdag» «Şagadam» bilen, «Energetik» «Merw» bilen, «Ahal» bolsa «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar.

Ýokary liga, 5-nji tapgyr:

2-nji aprel, sişenbe

  • «Aşgabat» – «Arkadag» – 1:8

3-nji aprel. çarşenbe

  • 16:00 | «Köpetdag» – «Şagadam»
  • 15:30 | «Energetik» – «Merw»
  • 16:00 | «Ahal» – «Altyn asyr»
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň