«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Aşgabat» bilen bolan oýunda öz taryhynda iň uly hasapdaky ýeňşini gazandy.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen oýun 8:1 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Oýunda Altymyrat Annadurdyýew (6, 23), Arslanmyrat Amanow (21, 59) we Begenç Akmämmedow (11, 20) dagy dubl eden bolsalar, Welmyrat Ballakow (29) hem-de Ilýa Tamurkin (31) bir gezek tapawutlandy. «Aşgabadyň» ýeke-täk jogap topy Oraz Orazowyň (41) adyna ýazyldy.
Şeýlelikde, bu ýeňiş arkaly «Arkadag» topary 12 utuk bilen turnir tablisasynyň ýeke-täk liderine öwrüldi. Ikini ýerdäki «Ahalyň» hasabynda 9 utuk bar.
Şu gün 5-nji tapgyryň beýleki oýunlary geçiriler. Olarda «Köpetdag» «Şagadam» bilen, «Energetik» «Merw» bilen, «Ahal» bolsa «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar.
Ýokary liga, 5-nji tapgyr:
2-nji aprel, sişenbe
- «Aşgabat» – «Arkadag» – 1:8
3-nji aprel. çarşenbe
- 16:00 | «Köpetdag» – «Şagadam»
- 15:30 | «Energetik» – «Merw»
- 16:00 | «Ahal» – «Altyn asyr»