Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi

16:1101.04.2024
0
10077

31-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Bu wagt Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmegiň hemişe işjeň orny eýeleýändigi bellenildi. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Mejlise gatnaşyjylar ykdysadyýet, howpsuzlyk, ulag we halkara çärelerini guramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekologiýa diplomatiýasyndan ugur almak bilen daşky gurşaw meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň kenarýaka döwletleri bilen dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda işjeň hereketleri dowam etdirjekdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň