Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi.
--- Munuň özi biziň öňümizde birnäçe guramaçylyk meselelerini goýýar --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň üpjün edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
--- «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer --- diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Bu barada TDH ýazýar.