Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw merkezi açylar

11:4030.03.2024
0
18603

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň geljekde Türkmenistandan ýükleri awtoulagda daşamagyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga ýardam berjekdigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak boýunça teklibi goldap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň