Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BMG durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygy giňelder

11:1330.03.2024
1
10873

Sanly ulgam arkaly 29-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek üçin binýatlaýyn ugurlary kemala getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.

DÖM-niň ýurtda amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synlary 2019-njy we 2023-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde bu guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň halkara başlangyçlaryndan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, bu gurama bilen durnukly ösüş ugrunda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini ilerletmekde Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini ibermek teklip edilýär.

Türkmenistanyň ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we başlangyçlaryny beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama munuň aýdyň güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp:

--- Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biridir --- diýip belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň