«Şagadam» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda «Aşgabatdan» üstün çykdy.
Türkmenbaşy şäherinde geçirilen oýun 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
Oýundaky ýeke-täk goly 92-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan Emir Berdiýew geçirdi.
Şeýle-de, oýnuň 80-nji minutynda emin tarapyndan ikinji sary duýduryş bilen jezalandyrylan Begmyrat Pirkulyýew meýdançadan kowuldy we «Aşgabat» oýny 1 oýunçy bilen jemlemäge mejbur boldy. Oýnuň 94-nji minutynda bolsa «Şagadamyň» birbada iki oýunçysyna Myrat Dädäýew we Hydyr Ýakubow emin tarapyndan gönüden-göni gyzyl kartoçka görkezildi.
Şeýlelikde, bu ýeňiş arkaly «Şagadam» 2 oýundan ybarat ýeňlişli seriýasyna nokat goýdy. Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän topar indiki tapgyrda 3-nji aprel güni «Köpetdag» bilen duşuşar. «Aşgabat» bolsa bir gün öň «Arkadag» topary bilen güýç synanyşar.