Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Änew şäheriniň "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň arasynda habar alyşmak pudagyndaky Hyzmatdaşlyk Memorandumyna esaslandylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «TASS» habarlar gullugynyň žurnalistiniň akkreditirlenmeginiň Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleriň öz wagtynda şöhlelendirilmegine getirendigi we bu habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergileriň biri bolandygy habarda bellenilýär.
Duşuşykda türkmen tarapy ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň we ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen ilkinji amal etmeli işleriň biri bolup durýandygyny, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak, milli habar beriş serişdeleriniň global maglumat giňişligine integrirlenmegi we ýurduň durmuşyny, döwletara gatnaşyklaryny giňişleýin beýan etmek boýunça türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendigini belläp geçdi.
Taraplar habar beriş serişdeleri gulluklarynyň işini ýola goýmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar we iki ýurduň ýeten sepgitleri babatynda habar alşylmagyny goldamagy ylalaşdylar.