«Şir Ýag» ýolagçy we ýeňil ulaglaryň hereketlendirijisi üçin çalgy ýaglarynyň önüm hataryny hödürleýär

16:3528.03.2024
0
17028

«Şir Ýag» hususy kärhanasy Türkmenistanyň awtoulag sürüjilerine ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil ulag serişdeleriniň hereketlendirijileri üçin niýetlenen ýokary hilli çalgy ýaglarynyň täze önüm hataryny hödürleýär.

«Şir Ýag» awtoulagyň ýokary öndürijiligini, goragyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly işlenip taýýarlanan önümleriň giň toplumyny hödürleýär.

Ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil ulaglaryň hereketlendirijileri üçin niýetlenen täze «Şir Ýag» çalgy önümleri özünde şulary jemleýär:

PLUS SL 10W40 we PLUS SN 10W40 — bu ýokary hilli ýarym sintetiki motor ýaglary bolup, benzin we dizel hereketlendirijileriniň möwsümleýin goragyny we ýokary öndürijiligini üpjün edýär. Motor ýaglary -20° C-den +45° C çenli giň temperatura aralygynda öz häsiýetli aýratynlyklaryny saklamaga ukyplydyr.

PLUS SL 10W40 we PLUS SN 10W40 göni inžektorly ýolagçy awtoulaglarynda (GDI) we/ýa-da katalitik neýtralizator bilen enjamlaşdyrylan, şeýle hem ýeňil söwda awtoulaglarynda ulanylyp bilner. Mundan başga-da, olar köne hereketlendirijili awtoulaglar üçin örän amatlydyr.

PLUS SN 5W40 we PLUS SN 5W30 — ýokary tehnologiýaly doly sintetiki motor ýaglary bolup, häzirki zaman täze benzin we dizel hereketlendirijileri üçin deňsiz-taýsyz goragy hem-de ýokary öndürijiligi üpjün edýär. Çalgy ýaglary hereketlendirijiniň könelmeginden, poslama we depozit emele gelmeginden ygtybarly goraýar.

PLUS SN 5W40 we PLUS SN 5W30 öz häsiýetli aýratynlyklaryny uzak wagtlap saklaýar, bu bolsa ýag çalşygynyň aralyklaryny uzaltmaga mümkinçilik berýär. Temperatura diapazony: -30° C-den + 45° C bolýar.

«Şir Ýag» zawodynyň şu ýylyň mart aýynda Lebap welaýatynda dabaraly ýagdaýda açylandygyny ýatladýarys. Bu iň ýokary hilli çalgy ýaglaryny öndürmäge şertleri bolan, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanadyr.

«Şir Ýag» kärhanasynyň önümleri sürüjiler üçin Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýerleşen ýöriteleşdirilen dükanlarda elýeterlidir.

Türkmen öndürijisi «Şir Ýag» motor ýaglarynyň awtoulagyň çydamlylygynyň we işleýşiniň girewidigini ynam bilen mälim edýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň haryt görnüşleri barada kompaniýanyň siryag.com web saýtyndan giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 61) 41 32 72.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň