Amerikaly «Mega Millions-dan» 1,13 milliard dollar utdy

10:5528.03.2024
0
12768

ABŞ-da ýurduň taryhynda sekizinji iň uly möçberli lotereýa baýragy gazanyldy. «Mega Millions» lotereýasynyň 1,13 milliard dollarlyk baýrakly petegi Nýu Jersi ştatynda satyldy.

«Mega Millions-da» alty sany sanyň ählisini dogry çaklap ýeňiş gazanmagyň ähtimallygy 302,6 milliondan 1-e deňdir.

Federal girdeji salgydynyň (37%) hem-de mümkin bolan döwlet salgydynyň (10 — 15%) bolandygy üçin, gazanylan pul baýragynyň möçberiniň hem ep-esli azalýandygyny bellemek gerek.

Netijede, 1,13 milliard dollarlyk jekpoty gazanmak bagty nesip eden ýeňiji bu puluň diňe 537,5 million dollaryny alar. Bu barada «The Guardian» gazetine salgylanyp tochka.by web saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň