Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi

07:1328.03.2024
0
8306

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan tertibine laýyklykda, ýurduň Daşoguz welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri 27-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ekişe badalga berilmezden ozal, Daşoguz welaýatynda okuw maslahaty geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmek, degişli agrotehniki işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek, “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Asylly däbe eýerip, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Welaýatyň ekerançylary, esasan, pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ýetişdirýärler. Sebitiň meýdanlaryny ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy bar. Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişiň bökdençsiz geçirilmegini üpjün eder. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar döredildi.

Gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli, welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary bilen çäräniň şowhunyny has-da artdyrdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, toprak-howa şertleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda gowaça ekişine 20-nji martda badalga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň