Şu gün Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalarynyň hem-de ýurduň bu halkara olimpiadasyna gatnaşýan zehinli ýaş wekillerine türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormatyna eýerilip, milli lybasly gyzlar tarapyndan duz-çörek hödür edildi hem-de dünýä dillerinde «Hoş geldiňiz, dostlar, Türkmenistana!» diýen sözler bilen türkmen myhmansöýerligine mahsus ýokary derejede garşy alyndy.
Ir säher bilen Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň öňündäki giň meýdançada guralan dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de milli sungatyň ýaş höwesjeňleri dürli aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler.
Soňra halkara olimpiada gatnaşyjylar innowasiýalar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, döwrebap okuw kitaplary bilen üpjün edilen bu toplumyň okuw binasynda guralan ýurduň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, kitap sergisi bilen tanyş boldular.
Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik burçy hem-de bu serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdepleriniň birleşdirilen çagalar skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren «Sazlar çemeni» atly saz eseri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada, ýurduň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşlerine, buýsançly habarlaryna, wakalaryna, halkara derejesinde ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.
Açylyş dabarasynda ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, halkara olimpiadanyň eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary gutlag sözleri bilen çykyş edip, ýurtda ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.
Dabaranyň çäginde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren halk sazlary türkmen halkynyň köp asyrlyk aýdym-saz sungatyna çäksiz buýsanjy döretdi.