Türkmen işewürleri Gresiýada geçiriljek Bütindünýä miwe we gök önümleriň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

12:0026.03.2024
0
12607

Türkmen telekeçileriniň şu ýylyň 11–13-nji aprelinde Gresiýada geçiriljek «FRESKON» — Bütindünýä miwe we gök önümleriň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

«FRESKON» sergisi «TIF HELEXPO» tarapyndan Saloniki şäherinde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde guralýan iň iri miwe we gök önüm sergisidir. Ol ter miwe we gök önümleri paýlaýan kompaniýalaryň halkara bazarlary bilen arabaglanyşygy üçin iň uly platforma bolup hyzmat edýär.

Serginiň esasy toparlaryna ter miweler we gök önümler, organik önümler, enjamlar we gaplamak hem standartlaşdyrmak üçin serişdeler, ulag we logistika, hil gözegçiligi barlaghanalary girýär.

Sergi barada has giňişleýin maglumatlar bilen www.freskon.helexpo.gr saýtynda jikme-jik tanyşmak mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň