Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çalyk Enerji Türkmenistanda elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy

16:5125.03.2024
0
21875

Türkiýäniň energiýa kärhanasy Çalik Enerji Germaniýanyň «Commerzbank» bankyndan we Şweýsariýanyň Eksport Karz Agentliginden (ECA) 586 million ABŞ dollary möçberinde Türkmenistanda kuwwaty 1,574 MWt bolan birleşdirilen aýlaw elektrik stansiýasynyň gurluşygy üçin maliýe kepilligini aldy. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi, elektrik stansiýasynyň gurluşygy 40 aý dowam eder, şol döwürde «Commerzbank» Çalyk Enerjiniň adyndan Türkmenistanyň döwlet energiýa kompaniýasy bolan bähbit görüjä şertnama obligasiýalaryny berer.

Maglumatlara görä, Şweýsariýanyň eksport töwekgelçiliklerini ätiýaçlandyryş (Serv) umumy enjam bahasynyň takmynan ýarysyny öz içine alýan kepillik bermek arkaly Şweýsariýadan elektrik enjamlarynyň eksportyny goldaýar.

2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna layýklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň