Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýrana garşy ak köýnekçede çykyş eder

13:2925.03.2024
0
20749

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyr duşuşygynda Eýranyň toparyna garşy ak köýnekçede çykyş eder diýip, TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.

«E» toparçanyň bu duşuşygy ertir, has takygy 26-njy martda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.

Bu wajyp oýnuň öňüsyrasynda, şu gün 25-nji martda baş tälimçi Mergen Orazowyň şägirtleri metbugat wekilleri üçin açyk türgenleşik geçirerler. Ol sagat 17:00-da başlanar. Soňra bolsa sagat 18:00-da Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň resmi metbugat maslahaty guralar.

Sagat 18:30-da žurnalistler Eýranyň milli ýygyndysynyň tälimçiler toparyna we futbolçularyna öz sowallaryny berip bilerler. Sagat 19:00-da hem eýranly futbolçylar oýundan öňki türgenleşige çykarlar.

Bu çäreleriň ählisiniň «Aşgabat» stadionynyň çäginde geçiriljekdigini bellemelidiris. Iki toparyň türgenleşikleri hem merkezi oýun meýdançasynda, metbugat maslahaty bolsa maslahatlar zalynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň