Aşgabatda «CAFA NOWRUZ-2024» çagalar futbol festiwaly geçirildi

10:0025.03.2024
0
12218

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň guramagynda «CAFA NOWRUZ-2024» diýen at bilen çagalaryň futbol festiwaly geçirildi.

Özboluşly sport baýramçylygyna öwrülen bu çäre bütin dünýäde iň bir söýgüli oýunlaryň biri bolan futbolyň ýaşajyk wekilleriniň — oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň 150-den gowragyny bir ýere jemledi.

Ýaş futbolçylaryň öz ussatlygyny, hyjuwyny we toparlaýyn jebisligini görkezen çykyşlary köp sanly tomaşaçylaryň göwnünden turdy. Bu festiwal ýaş nesilleriň arasynda futbola gyzyklanma döreden täsirli wakalaryň birine öwrüldi.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar hem-de futbol toplary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň