Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 23-nji martda «Krokus Siti Holl» konsert merkezindäki ýykgynçylykda pida bolanlaryň hatyrasyna 24-nji marty ýurtda ähluhalk matam güni diýip yglan etdi. Betbagtçylyk hiç kimi biparh goýmady diýip, «MIR 24» ýazýar.
Dünýäniň çar künjeginde Podmoskowýede bolan terrorçylykly hereketi ýazgarýan hem-de pida bolanlaryň hatyrasyna matam çäreleri guraldy. Adamlar RF-niň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň öňünde guralan matam tagtalaryna gül getirdiler, şem ýakdylar.
Russiýanyň halkyna raýdaşlygyň nyşany hökmünde Birleşen Arap Emirliklerinde binalaryň köpüsi, şol sanda Burj-Halyfa gökdiräni rus baýdagynyň reňklerinde ýagtylandyryldy. Onda «Birleşen Arap Emirlikleri Russiýany goldaýar» diýen sözler arap we iňlis dillerinde ýazyldy.
Ankarada geçýän ýerli saýlawlaryň öňündäki ýygnanyşyk wagty Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyşyny Russiýanyň adyna goldaw beriji sözler bilen başlady.
Dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine bolup geçen betbagtçylyk bilen baglylykda, goldaw beriji sözlerini beýan etdiler.