«Türkmendeňizderýaýollary» agentligine täze ýolbaşçy bellenildi

08:2224.03.2024
0
19289

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy hem-de ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň