Soňky habarlar

Arhiw

Podmoskowýede ýykgynçylykly hereket boldy

10:0023.03.2024
0
12473

22-nji mart agşamy Russiýanyň paýtagtynyň etegindäki «Krokus Siti Holl» konsert zalynda ýaragly näbelli adamlaryň topary tomaşaçylara ok atdylar, soňra binany partlatdylar. Ýurduň Derňew toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, 60 adam pida boldy, 100-den gowrak adam ýaralandy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Moskwanyň eteginde bolan we birgiden bigünä adamlaryň heläk bolmagyna hem-de agyr şikes almagyna getiren ýykgynçylykly hereket bilen baglylykda, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gynanç bildirdiler.

Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde raýatlary halas etmek işleri dowam edýär. Ýaralylara lukmançylyk kömegi berilýär. Agyr ýagdaýdaky adamlar köp. Jenaýat işi gozgaldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýykgynçylykly hereketi ýazgaryp çykyş etdi.

Ýykgynçylaryň daşky keşbi babatda ilkinji maglumatlaryň peýda bolandygyny «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň