Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

09:4821.03.2024
0
7694

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumlary saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurduň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “149-F” ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten — 14” görnüşi, toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu gezekki ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar hem-de gowaça kultiwatorlary peýdalanylar.

Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze ekiş möwsümine taýýarlanyldy. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda welaýatlaryň degişli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Olarda gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň hem-de haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň