Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Nowruz baýramyna taýýarlyk görýärler

10:2119.03.2024
0
10537
Eýranda Nowruz baýramyna taýýarlyk görýärler
Surat: iran.ru

Eýranyň ýaşaýjylary Pars täze ýylyna — Nowruza taýýarlyk görýärler diýip, «24KZ» habar berýär.

Adamlar Tähranyň bazarlaryny doldurdylar. Olar süýjülikleri, gury ir-iýmişleri we baýramçylyk saçagy üçin beýleki nygmatlary satyn alýarlar. Baýramçylyk saçagynda çörek, alma, sarymsak, semeni, sirke, oplepiha miweleri we beýlekiler bolmaly. Tagamlardan ötri, saçakda janly altyn balyjaklar hem bolmaly. Olar baky durmuşy alamatlandyrýar.

Eýranda Nowruzy däp bolşy ýaly, 13 gün baýram edýärler, şol günlerde çagalar okuwdan boşadylýar, adamlar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň