Berlinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli çäre geçirildi

16:0018.03.2024
0
16329

Berliniň etnologiýa muzeýinde GFR-iň Daşary işler federal ministrliginiň we Medeniýet hyzmatdaşlygy guramasynyň guramagynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli çäre geçirildi.

Bu çärä ýurduň Daşary işler federal ministrliginiň, beýleki döwlet edaralaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar-diýip HHM habar berdi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Nowruz baýramyň ähmiýeti, halklaryň medeniýetinde we taryhynda tutýan orny baradaky maglumatlar barada aýdylyp, baýramçylyk aýdymlarydyr goşgulary ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde sergi guraldy.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan wideoşekilleri görkezildi. Şeýle hem däp-dessurlara görä, çärä gatnaşyjylara türkmenleriň milli tagamlary hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň