Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp Bütindünýä ýaşlar festiwalynda öz taslamasyny hödürledi

13:0616.03.2024
0
21382

Russiýada Siriusyň federal çäginde geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň «Nurbatdan!» («От Винта!») atly sergisi geçirildi. Sergide rus we daşary ýurt senagatyna degişli 130-dan gowrak taslama görkezildi.

Şolaryň arasynda A.S. Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň uçurymy we G.W. Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysady uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Kemal Amanmyradowyň taslamasy hem bar.

«Degirmen Topary» HJ bilen bilelikde işlenip düzülen taslama Senagat internetini (IIoT) ornaşdyrmak arkaly ýyladyşhana fermalarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. IIoT agronomlara ýyladyşhananyň hemme ýerinde ýerleşýän datçiklerden alnan uly maglumatlary seljermek arkaly has dogry çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

«Nurbatdan!» atly halkara festiwaly dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş alymlara dürli senagat pudaklarynda, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamlarynda täzeçil taslamalaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Festiwal meýdançasynda 100-den gowrak çäre geçirildi, olaryň myhmanlary meşhur alymlardan, syýasatçylardan we bilermenlerden ybarat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň